Baş sahypa \ Önümleri \ 1С:Kärhanany dolandyrmak

1С:Kärhanany dolandyrmak

1С:Kärhanany dolandyrmak –  hyzmat ediş,  söwda we önümçilik kompaniýlarynda işjeň dolandyryşy awtomatlaşdyrmak üçin niýetlenen.

 1С:Kärhanany dolandyrmak рrogrammada kärhananyň işjeň hasabaty ýöretmek, gözegçilik etmek, seljermek we meýilleşdirmek ýaly işleri amala aşyrmak üçin ähli serişdeler göz öňünde tutulandyr. Bu programmanyň gerekmejek we artyk funksiýalary ýokdyr. Ony kärhananyň dolandyryşyna we hasabaty ýöretmegine görä sazlap bolýar. Bu bolsa çalt başlangyjy we gündeki işiň amatlylygyny üpjün edýär.

1С:Kärhanany dolandyrmak рrogrammasy eýelerini we baştutanlaryny dolandyrmaklygyň dürli görnüşli gurallar bilen, işgärleri bolsa gündeki öndürijikli işi üçin gurallar bilen üpjün edip,  kärhananyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.

1С:Kärhanany dolandyrmak programmasy bir-iki – den başlap 10 – a çenli ulanyjy üçin niýetlenilip, aşakda görkezilen dolandyryşyň we hasabatyň amallaryny awtomatlaşdyrmak üçin ulanylýar:

  • hyzmatlary amala aşyrmak we işleri ýerine ýetirmek;
  • önüm öndürmek;
  • satuw we marketing;
  • satyn almak we üpjün etmek;
  • ätiýaçlyk we ammar amallary;
  • pul serişdeleri;
  • dolanşykdan daşary aktiwler;
  • maliýe ýagdaýlar;
  • işgärler we olar bilen hasaplaşyklar.

1С:Kärhanany dolandyrmak programmasynda aşakdakylar göz öňünde tutulandyr:

  • söwda, ammar, öndürijilik hasabatyň ähli başlangyç resminamalaryny we pul serişdeler dolanşygynyň resminamalaryny taýýarlamak.
  • Hasabatlaryň köpdürliligi  eýelere, baştutanlara we işgärlere maglumatlary çalt almaga mümkinçilik döredýär. Alynýan maglumat iş üçin we çözgütleri almak üçin amatly görnüşde hem-de talap edilýän işjeňligi we jikme-jikligi bilen üpjün edilýär.
Salgy:
744000, Türkmenistan, Aşgabat, koç 2022 (Aliṣer Nowai), 100.
Soraglaryňyz ýüze çykdymy? Bize hat ýollap duruň!
Biz size ýakyn wagtda jogap bereris!