Baş sahypa \ Kompaniýa barada

Kompaniýa barada

«АК SAHYPA» HJ

«Ак sahypa» HJ – bu Türkmenistandaky esasy 1С hyzmatdaşy bolup, kärhanalardaky we edaralardaky dolandyryşy we hasabaty ýöretmekligi awtomatlaşdyrmak boýunça ähli hyzmatlary ýerine ýetirýär.

 

Telekeçiligiň özboluşly unikal modeliniň hasabyna, «Ак sahypa» HJ özüni netije almaklyga we Müşderiniň iş maksatlaryna ýetmeklige gönükdirilen aktiw oýunçy hökmünde görkezdi. Baha kesgitlemeginiň anyk modeli we  ýokary derejeli taýýarlykly işgärler topary kompaniýa  üçin ösüşiň täze basgançaklaryna ýetmekligi we güýçli depginler bilen öňe barmaklygy üpjün edýär.

BIZ HAKDA:

«Ак sahypa» HJ– bu maglumat we kommunikasion tehnologiýalar bazarynda işleýän öňdeýörüji kompaniýalarynyň biri.

 «Ак sahypa»  HJ – bu ýokary derejeli taýýarlykly we dürli görnüşli IT-taslamalary durmuşa geçirmek ugrunda uly tejribä eýe bolan zehinli hünärmenlerden ybarat bolan güýçli topardyr.

«Ак sahypa»  HJ – bu onlarça ýerine ýetirilen dürli göwrümli we çylşyrymlylyk derejeli IT-taslamalardyr.

«Ак sahypa»  HJ – bu abraý, ygtybarlylyk we müşderileriň gazanylan ynamydyr.

BIZIŇ BAÝLYKLARYMYZ

AŇ, AKYL, INTELLEKT
biziň unikal toparymyzyň esasy düzüm bölegidir.

Täze tehnologiýalar, innowasiýalar
Uzak möhletli tejribä eýe bolan kompaniýanyň esaslandyryjy tehnologiki düzümine degişlidir.

Integrirlemek
Müşderileriniň we hyzmatdaşlarynyň özboluşly zerurlyklaryny göz öňüne tutýan esasy iş düzgüni.

BIZIŇ TEJRIBÄMIZ

Köp ýyllaryň dowamyndaky şowly tejribämiz telekeçiligiň islendik derejeli kärhanalar üçin dürli ölçeglerdäki çözgütleri ornaşdyrmaklyga ýardam edýär. Islendik ýagdaýlarda esasy maksat – bu öndürijiligiň we ygtybarlylygyň talap edilýän derejelerini saklamakdyr.

BIZIŇ GAZANANLARYMYZ

Netijeli iş we depginli ösüş ýyllaryň dowamynda biziň esaslandyryjy  prinsiplerimiz emele geldi, olar hem aşkdakylardan ybaratdyr:

•   müşderiler bilen işlemekligiň yzygider kämilleşýän ulgamy,

Biziň hyzmatdaşlarymyzyň iş meselelerini çözmeklikde häzirki zaman informasion tehnologiýalaryň we dolandyryş usullaryň bolup biljek ähli mümkinçiliklerini ulanýarys. Biziň ýerine ýetirýän işimiz telekeçiligiň netijeliligini ýokarlandyryp, onuň  ösüşi üçin berk binýät döredýär.

Öz müşderilerimizi deň derejeli ynam bildirmeklige esaslanýan hyzmat etmekligiň ýokary derejeli we indiwidual çemeleşmeler bilen üpjün edýäris.

•    ýokary derejeli taýýarlykly işgärler topary

•    biziň hyzmatdaşlarymyzyň iş zerurlyklaryny göz öňüne tutmak.

Ökde hünärmenleriň agzybir topary bolup, biz IT bazary ösdürýäris we öz ýurdumyz üçin häzirki zaman IT tehnologiýalary elýeterli ýagdaýda üpjün edýäris. Hyzmatdaşlarymyzyň her haýsysyna doly ýagdaýda goldawy üpjün etjekdigimize güwä geçýäris. Biziň toparymyza ýokary derejeli hünär endikli işgärler degişlidir. Hünärmenlerimiziň ählisi «1С» firmasy tarapyndan ulgamyň «1С: Предприятие» häzirki zaman görnüşleri boýunça barlagdan geçirilendir.

MÜŞDERILER BILEN IŞLEMEK

Biz öz hyzmatdaşlarymyza we müşderilerimize örän duýgur çemeleşýäris. Müşderilerimiziň her birine deň derejeli ynam bildirmeklige esaslanýan ýokary derejeli we indiwidual çemeleşmeleri ulanyp hyzmat edilýär.

 INNOWASIÝALAR

Biziň ýolumyz – hyzmatdaşlarymyzyň bildirýän ynamlaryny ödemek we tehnologiýalaryň iň kämil görnüşlerini ulanyp,  häzirki zaman çözgütleri ornaşdyrmak.

DURNUKLYLYK WE GORAG

Öz gelejegimize bolan ynamymyz ulydyr. Biz bilen bilelikde biziň ýolumyza ugurdaş barýan ähli hyzmatdaşlar bilen şol ynamymyzy paýlaşmaga taýýar.

BITEWI TOPAR

Biziň her haýsymyzyň özboluşly dürli häsiýetlerimiz bar, emma ählimiz bir maksada gönükdirilen ýeketäk jebis topara birleşýäris.

Biz umumy maksatlara ýetmek üçin birleşip işleýäris.

NETIJELILIK

Işimiziň işjeňligi, netijeli logistikasy we wagtynda üpjün edilýän iň täze habarlar – bularyň ählisi öz hyzmatdaşlarymyza biz bilen işlemeklige örän amatly şertleri döretmeklige ýardam edýär.

JOGAPKÄRÇILIK

Ygtybarly hyzmatdaş – bu abraýly ada ýetmek biziň esasy maksadymyzdyr. Berlen sözümizde durmak we öz borçlarymyzy ýerine ýetirmek bolsa biziň işimiziň esasy şertleridir. 

BAŞARJAŇLYK

Biz  – öz işimiziň ökde hünärmenleridiris. Öz hyzmatdaşlarymyzyň öňünde başarjaňlygyň, bilimiň we ussatlygyň ýokary derejeliligi barada güwä geçýäris.

HYZMATLARYMYZ

  • Programma önümi saýlamak boýunça maslahat bermek we şol önümi görkezmek; 
  • Programma üpjünçiligi eltmek; 
  • Programma üpjünçiligi ornaşdyrmak; 
  • Programma üpjünçiligi täzelemek we ony özleşdirmek görnüşlerini saýlamak; 
  • Programma üpjünçiligi özleşdirmekligiň maglumat – tehnologiki  görnüşlerini üpjün etmek; 
  • Ulanyjylaryň arasynda okuwlary geçmek.

KOMPANIÝANYŇ ESASY IŞ PRINSIPLERI:

  • Müşderiler  üçin «the best» görnüşli hyzmat ediş ulgamy döretmek.
  • Islendik hyzmatdaşlykda hormat, aýdyňlyk we dogruçylyk.
  • Müşderi barada aladalanmak we ýardam etmek.
  • Biz diňe göwnümiz ýetýän önümleri teklip edýäris.
  • Jogapkärçilik we goýlan maksatla ýetmek.
  • Biziň aýratynlyklarymyz: düzgün-tertip, mylakatlylyk, dogruçylyk.
  • Işgärlemiziň okuwy we ösüşi – kompaniýanyň ösüşiniň özenidir.
  • Innowasion hadysa –hemişe täze pikirleriň gözleginde.
  • Biz her bir işgäriň ýerine ýetirýän takyk işi el çarpmalaryna getirýän, orkestr bolmaklyga ymtylýarys.
  • «Ak sahypa» – öz işine maýyl bolan birpikirli adamlaryň ýygyndysydyr.
Salgy:
744000, Türkmenistan, Aşgabat, koç 2022 (Aliṣer Nowai), 100.
Soraglaryňyz ýüze çykdymy? Bize hat ýollap duruň!
Biz size ýakyn wagtda jogap bereris!