Baş sahypa \ Hakyky awtomatlaşdyrma

Hakyky awtomatlaşdyrma

Hakyky awtomatlaşdyrma kärhanalarynyň amal işlerini awtomatlaşdyrmaklyga, olaryň ýerine ýetiriş wagtyny gysgaltmaklyga we el işini azaltmaklyga ýardam edýär.

Hakyky awtomatlaşdyrmanyň kömegi bilen alynýan netijeler aşakdakylardan ybaratdyr:

  • Prosesleri awtomatlaşdyrmak
  • Netijeligi ýokarlandyrmak
  • Maýa goýumyň gaýtarylmagy ýokarlandyrmak
  • Töwekgelçiligi peseltmek
  • Anyk maglumatlary almak

кабан.jpg  Tiz netijelilik sizi haýran eder!

Ykdysady netijeliligiň hasaplamalary taslamanyň özüni ödemek möhleti  6 aýdan ybaratdygyny görkezýär.

кабан.jpg  Kärhananyň awtomatlaşdyrmasyny kime ynanyp bolar?

Elbetde, HJ “Ak sahypa” ! Biziň kompaniýamyzda  1C firmasy tarapyndan «1С: Предприятие» ulgamyň ähli döwrebap görnüşleri boýunça barlagdan geçirilen ökde hünärmenler işleýär.

Hünärmentleriň taýýarlyk derejeleri kompaniýa tarapyndan tassyklanan işgärleriň taýýarlyk derejelerini ösdürmek baradaky maksatnamasy boýunça yzygider geçirilýän hünär okuwlaryň we sertifikatlaşdyrmalaryň kömegi bilen goldanýar we  artdyrylýar. Biziň tejribämiz kärhananyň iş prosesleriniň netijeliligini ýokarlandyrmaga, dolandyryşy we hasabaty ýöretmekligi awtomatlaşdyrmak boýunça hyzmatlaryň ähli görnüşlerini üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

кабан.jpg  Kärhananyň esasy telekeçilik prosesleri awtomatlaşdyrmak aşakdaky maksatlara ýetmeklikde ýardamçy bolýar:

  • Çylşyrymly we wagty alýan amallaryň sanyny azaltmak,
  • Telekeçilik işiniň aýdyňlygyny we netijeliligini ýokarlandyrmak.

Şeýlelik bilen,  işi guramak, telekeçilik prosesleri we kärhanany dolandyryş ulgamy  kämilleşdirmek hem-de kärhananyň işiniň hilini ýokarlandyrmak üçin amatly gural Siziň hyzmatyňyzda! Netijede bolsa, aşakdaky artykmaçlyklar emele gelýär:

  • Çykdajylaryň peselmegi
  • Müşderilere edilýän hyzmat derejeleriň ýokarlanmagy
  • Müşdeleriň kanagatlandyrylmagyň artdyrylmagy
  • Talaplara jogap bermekligiň tizliginiň artdyrylmagy
  • Alnyp barylýan ähli telekiçilik proseslere gözegçilik etmek mümkinçiliginiň peýda bolmagy
  • Dolandyrylyş hiliniň ýokarlanmagy
  • Kärhana boýunça maglumat ýaýrama tizliginiň ýokarlanmagy
  • Çözgütleri kabul etmekliginiň hil we wagt taýdan kämilleşmegi

кабан.jpgHakyky awtomatlaşdyrmanyň netijeleri:

Kärhananyň ýolbaşçylary üçin – kärhananyň bäsleşige ukyplylygyny artdyrmak üçin seljerme, meýilleşdirme we kärhananyň resurslaryny çeýe dolandyrma mümkinçilikleri.

Bölüm başlyklary we menejerler üçin – her bir bölümiň öz ugry boýunça gündeki işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmaklygynyň gurallary.

Kärhananyň hasabat gulluklarynyň hünärmenler üçin – häzirki zaman amatly interfeýsiň kömegi bilen awtomatlaşdyrylan hasabaty ýöretmekligiň serişdeleri.

 

“Ak sahypa” HJniň hödürleýän awtomatlaşdyrmasy bilen öz ugruňyzda öňde baryjy kärhanalaryň biri boluň!

Salgy:
744000, Türkmenistan, Aşgabat, koç 2022 (Aliṣer Nowai), 100.
Soraglaryňyz ýüze çykdymy? Bize hat ýollap duruň!
Biz size ýakyn wagtda jogap bereris!