Baş sahypa \ Hakyky awtomatlaşdyrma \ Hakyky awtomatlaşdyrma taslamalary \ "Ýupekçi" HJ-niň söwda we önümçiliginiň awtomatlaşdyrmasy

"Ýupekçi" HJ-niň söwda we önümçiliginiň awtomatlaşdyrmasy

HJ «Ýupekçi»

«Ýupekçi» HJ söwda önüm öndüriji kärhanasy 2011-nji ýylda döredilip, onda 100 sany işgärler işleýar. Bu kärhana miwe şireleri we alkogolsyz içgileri öndürmekde Türkmenistan boýunça iň uly kärhanalaryň biri bolup hasaplanýar.

«Ýupekçi» HJ-niň önümi ýurduň çäginde ýaýratmak boýunça işleýän  presselerleriň sany 10 deň.

Öndürilýan alkogolsyz içgileriň mukdary aýda 800 müň litre deň.

juice

Hakyky awtomatlaşdyrmanyň maksady:

  • Häzirki zaman maglumat ulgamy döretmek, köp mukdarly maliýe we zähmet çykdajylary talap etmeýän işjeň we buhgalter hasabatlary ýöretmek,
  • Maglumatlary işlemekligiň tizligini artdyrmak, gysga möhletlerde dogry hasabatlary taýýarlamak.
  • Bir bitewi maglumat ulgamyň esasynda hasabatlary ýöretmekligi guramak. Bir umumy ulgamyň üsti bilen kärhananyň ähli bölümlerini baglanyşdyrmak.
  • Hasabatlary ýöretmekliginiň netijeliligini gazanmak maksady bilen köpulanyjyly elýeterlilik režimi ulanmak.
  • Maglumatlar howpsyzlygyny  üpjün etmek.
  • Berlenleriň goşmaça nusga almak amaly awtomatiki ýagdaýa geçirmek.

1С Programma önümi ornaşdyrmaklygyň taslamasynyň beýany.

Taslama başlanylmazdan öň hasabatlar  Microsoft Office Excel programmasynda taýýarlanylypdyr. Hasabat  ýöretmekliginiň bular ýaly görnüşde hasabatlary işjeň ýagdaýda taýýarlamak mümkin däldir.  Ýolbaşçylar  üçin adaty standart hasabatlary  taýýarlamak işi birnäçe sagatlaryň dowamynda ýerine ýetirilipdir.

Goýberilen ýalňyşlyklary düzetmek ýa-da takyk bolmadyk maglumatlary girizmezlik göz öňüne tutulmandyr. Ähli  jogapkärçilik  buhgalter işgärleriniň üstüne atylypdyr, ýagny, adam faktory bilen baglanyşyklydygy sebäpli, ýalňyşlyklaryň peýda bolmagynyň ähtimallygy örän uly bolupdyr. Hasabat maglumatlaryň howpsuzlygy üpjün edilmändir, maglumatlaryň ýitmegine islendik daşky päsgelçilikler täsir edipdir.

Kärhananyň işi önüm öndürmek bilen baglanyşykly bolanlygy we ondaky maddy-haryt hasabatlary yzygider ýagdaýda ýöredilmeýänligi sebäpli,  taýýar önümiň bahasyny dogry kesgitlemeklikde uly kynçylyklar çekilipdir.

Buhgalter we işjeň hasabatlary ýöretmekligiň çylşyrymlylygy we köp zähmetliligi 1С Programma önümlerini ornaşdyrmak zerurlygyny ýüze çykardy.

Aşakdaky meseleler çözüldi:

Buhgalter hasabatyny işjeň ýöretmek. Döredilen, ýatda saklanylan we işlenen resminamalary bir maglumat bazada saklamak mümkinçiligi döredildi.

Islendik wagtda hem-de islendik döwrüň  hasabatlaryny el ýeter, aýdyň we amatly ýagdaýda taýýarlamak mümkinçiligi döredildi.

1С: Optimum mobil söwda programmasynyň üsti bilen söwda wekilleriň işiniň awtomatlaşdyrylyşy ýerine ýetirildi. Bu programma planşet kompýuterlerde gurnalyp, sargytlary ýerinde almak we gerekli maglumatlary esasy ofise şol bada ibermek mümkinçilikleri döretdi.

Iş berlenler 1С: Söwda programmasyndan  1С: Buhgalteriýa programmasyna geçirildi (aýda 12 müňden gowrak resminamalar).

Kärhananyň pul akymlaryny dolandyrmak prosesleri kämilleşdiridi.

Geçen döwürleriň başlangyç galyndylaryň ulgama girizilmegi amala aşyryldy.

Öndürijilik resminamalar önüm toparlary baradaky berlenleri hasaba alyp, döredildi. Bu bolsa taýýar önümiň bahalar hasabatlaryny dogry we dürs ýagdaýda ýöretmeklige mümkinçilik berýär.

Taslamanyň aýratynlygy:

user_full Kontragentleriň sany: 500-den gowurak işgärler, olaryň içinden köpüsi üpjün edijiler we alyjylar.

folder_full Esasy serişdeleriň  sany: 900 obýekte golaý.

filter_full Hojalyk amallaryň sany: aýda 50 000 tranzaksiýa, olaryň her haýsy birgörnüşli bolman, öndürijilik, söwda, çig maly we taýýar önümi hasaba almak bilen baglanyşykly ähli  amallary özünde jemleýär.

todolist_full Tassyklanan  hasabatlaryň uly möçberi. Ondan başga-da, statistiki, salgyt hasabatlar, kepilnamalar we beýleki buhgalter resminamalary. Aýyň ahyrynda buhgalter hasaplaryň awtomatiki ýagdaýda ýapylmagy göz öňünde tutulýar.

materials_full Kärhananyň girdejileriniň we çykdaýjylarynyň maliýe hasabatynyň çylşyrymly düzümi (struktura bölümleri, girdejileriň we çykdaýjylaryň görnüşleri boýunça).

clock 2_full Ulgamda maliýe statistikany taýýarlamak üçin “taryhy” maglumatlaryň zerurlygy.

door_lock_full Pul ammallaryny ýerine ýetirilişiniň gözegçiligini we howpsuzlygyny üpjün etmek zerurlygy.

Işiň tapgyrlary:

этапы работ

1С programma önümlerini ornaşdyrmaklygynyň netijesi

Ulgam doly ýagdaýda senagat ulanylşa  goýberildi.

Tabşyrylýan hasabatlaryň hil taýdan ösmegi.

Maliýe  ministrliginiň  we salgyt bölüminiň talaplaryna jogaplary  taýýarlamaklyga sarp edilýän wagtyň azalmagy.

Maddy – haryt  gymmatlyklar hereketleriniň hasabat ýöretmekliginiň aňsatlaşmagy.

Öndürijilik hasabatlary öz wagtynda  almaklygynyň amatly ýagdaýa geçmekligi.

Maliýe düzgün-tertibiň  berkemegi, üpjün edijileriň tölegleriniň dogry möhletleri gözegçilikde saklanylmagy, önüm üpjünçiliginiň yzy üzülmelerine ýol berilmezligi, bu bolsa alynýan girdejä we haryt dolanşyga göniden göni täsir edýär.

Sargytlary şol bada kabul edilýänligi sebäpli, haryt dolanşygynyň tizliginiň ýokarlanmagy.

Programmanyň ulanylmagy bilen işgärleriň iş öndürijiliginiň we işjeňliginiň ýokarlanmagy, bu hem, elbetde, kompaniýanyň umumy girdejisiniň ösüşine täsir edýär.

Görkezilen salgy boýunça 1С resmi saýtynda şu keýs bilen tanyşyp bilersiňiz:

http://1c.ru/rus/partners/solutions/solution_case.jsp?SolutionID=830661

 

Salgy:
744000, Türkmenistan, Aşgabat, koç 2022 (Aliṣer Nowai), 100.
Soraglaryňyz ýüze çykdymy? Bize hat ýollap duruň!
Biz size ýakyn wagtda jogap bereris!