Baş sahypa \ Hakyky awtomatlaşdyrma \ Hakyky awtomatlaşdyrma taslamalary \ "Hazar ätiýaçlandyryş" AGPJ – niň "1С:CRM PROF 8 Gazagystan üçin" programmanyň ornaşdyrylmagy

"Hazar ätiýaçlandyryş" AGPJ – niň "1С:CRM PROF 8 Gazagystan üçin" programmanyň ornaşdyrylmagy

Хазар

Taslama başlanylmazdan öň kärhananyň işi aşakdaky ýaly alnyp baryldy:

- Ätiýäçlandyryş wekili ätiýäçlandyryş şertnamasy üçin zerur bolan  resminamalary elden  doldurypdyr. Aşakdaky  ýaly amallar hem ýerine ýetirilipdir:

  • Tölegleriň wagtlaryny hasaplamak;
  • Ätiýaçlandyryş töwekgelçiliklere görä ýygymlaryň ätiýaçlandyryş möçberini hasaplamak;
  • Takyk hasabatlaryň resminamalary we şertnamalary baglaşylan müşderileriň maglumatlary boýunça hasabatlary ýöretmek;
  • Häzirki şertnamanyň tölegi baradaky maglumatlary almak üçin esasy ofis bilen baglanyşmak.

- Baş buhgalter hemmişe ätiýäçlandyryş wekil bilen baglanyşykda bolmaly bolypdyr. Ondan başga-da:

  • Buhgalter hasabatynda işjeň ýagdaýda görkezmek üçin düzülen ätiýaçlandyryş şertnamalary gözegçiliklde saklamak;
  • Alnan maglumatlara görä hasaplamalary ýerine ýetirmek;
  • Ätiýaçlandyryja ibermek maksady bilen ätiýaçlandyrma şertnamalary taýýarlamak, muňa hem köp wagt sarp edilipdir;
  • Tassyklanan hasabatlary taýýarlamak we seljermek. Bu amallar hem köp wagtyny sarp edipdir.

 

Aşakdaky meseleler çözüldi: 

  • Esasy ofisde hem-de ýurduň welaýatlarynda işleýän ätiýäçlandyryş wekilleriň işi Internet global toruň üsti bilen awtomatiki ýagdaýa geçirildi. Indi ätiýäçlandyryş wekili öz iş ýerine bagly bolman, şertnama baglanyşmak üçin müşderiniň iş ýerine gidip bilýär. Bu bolsa, taýýarlamak we tassyklamak üçin sarp edilýän wagty tygşytly ulanmaklyga getirdi.
  • Indi resminamalar toplumyny taýýarlamak üçin “syçana bir gezek basmak” ýeterlikdir.
  •  Kärhananyň buhgalteriýa bilen baglanyşykly amallar hem işjeň ýagdaýa geçirildi.
  • Ätiýaçlandyryş wakanyň ýerine barmak we degişli resminamalary doldurmak zerurlygy ýüze çykanda baglaşylan şertnamalar boýunça alynýan maglumatlara hakyky (häzirki) wagtyň dowamynda gözegçilik etmek mümkinçiligi döredi.
  • Müşderiler bilen şertnama baglaşmaga ýol bermeýän ätiýaçlandyryş kompaniýanyň müşderileri ýa-da hyzmatdaşlaryň kompaniýalary tarapyndan hilegärçiligiň ýüze çykýan ýagdaýlarynda işjeň jogap bermek mümkinçilikler peýda boldy.
  • Hasabat döwri üçin töleg geçirmelidigi barada, şertnamalaryň peýda bolýan täze görnüşleri barada müşderileri wagtynda habardar etmek hyzmaty gurnaldy.
  • Ätiýaçlandyryş şertnamalar boýunça buhgalter we administratiw hasabatlaryň ýöredilmegi işjeň ýagdaýa geçirildi.
  • Döredilen, ýatda saklanylan we işlenen resminamalaryň uly göwrümini bir maglumat bazada saklamak mümkinçiligi döredildi. Bu mümkinçilik islendik döwür üçin hasabatlary taýýarlamaklyga ýardam edýär.
  • Geçen döwürleriň we şol sanda, baglaşylan ätiýäçlandyryş şertnamalary boýunça başlangyç galyndylaryň ulgama girizilmegi amala aşyryldy.

Görkezilen salgy boýunça 1С resmi saýtynda şu keýs bilen tanyşyp bilersiňiz:

http://1c.ru/rus/partners/solutions/solution_case.jsp?SolutionID=872008

 

Salgy:
744000, Türkmenistan, Aşgabat, koç 2022 (Aliṣer Nowai), 100.
Soraglaryňyz ýüze çykdymy? Bize hat ýollap duruň!
Biz size ýakyn wagtda jogap bereris!