Baş sahypa \ Önümleri \ 1С:Söwdany dolandyrmak

1С: Söwdany dolandyrmak

Söwdany awtomatlaşdyrmak programma önümiň bu görnüşi işjeň we dolandyryş hasabatlaryň meselelerini umumy ýagdaýda awtomatlaşdyrmaklyga we söwda amallary seljermeklige we meýilleşdirmeklige ýardam edýär. Bu bolsa häzirki zaman söwda kärhanasynyň netijeli dolandyrylyşyny üpjün edýär.

Hyzmatdaşlar bilen işlemek prosesi örän çeýedir. Bir ýa-da birnäçe ýurudiki taraplara degişli bolan we özara hasaplaşyklar amala aşyrylýan umumy tora degişli bolan dükanlar toplumlar bilen ýöredilýän işi amatly we dogry ýagdaýda beýan edip bolýar.  «Hyzmatdaş» atly kömek maglumatlar toplumynyň bölüminde gerekli obýektiň adyny görkezip bolýar:

  • alyjy (müşderi),
  • hyzmatdaş (üpjün ediji),
  • bäsleşige ukyply hyzmatdaş

Gerek bolan ýagdaýynda «soňky ulanyjy» atly müşderini gurnap bolýar, dürli görnüşli kontragentler şol müşdere degişli edip bolýar.

Ähli hasabat amallar aşakda görkezilen resminamalaryň üsti bilen beýan edilýär:

  • Müşderiniň sargydy,
  • hasap-faktura,
  • harytlary satmak we hyzmatlary amala aşyrmak,
  • maliýe resminamalary (çek we nagt däl tölegleri amala aşyrmak),
  • hasapdan aýyrmak,
  • ornuny üýtgetme,
  • inwentarizasiýa (tükeleýiş) resminamalary,
  • sortlamagy gaýtadan amala aşyrmak,
  • üpjün ediji hyzmatlara tölegleri geçirmek,

Haryt we pul serişdeler bilen baglanyşykly islendik amallar, müşderileriň zerurlyklary ýa-da üpjün edijilere edilýän sargytlar agzalan resminamalaryň üsti bilen beýan edilýär.

Ondan başga-da, maliýe resminamalaryň amatly sanawy bardyr. Bu ýerde serişdeleriň kassanyň üsti bilen  we nagt däl görnüşdäki girişi we çykyşy sazlanýar, ondan başga-da, özara hasaplaşyklarda görkezilýän bank göçürmeler saklanylýandyr. Üpjün edijiler bilen işlemek üçin tölegler senenamany hem ulanylýar. Onuň esasynda töleg resminamalary we töleg ýatlamalary amatly ýagdaýda döredip bolýar.

Salgy:
744000, Türkmenistan, Aşgabat, koç 2022 (Aliṣer Nowai), 100.
Soraglaryňyz ýüze çykdymy? Bize hat ýollap duruň!
Biz size ýakyn wagtda jogap bereris!