Baş sahypa \ Önümleri \ 1C:Resminama dolanşyk

1C: Resminama dolanşyk

Resminamalar dolanşygy – bu döredilen ýa-da alnan wagtyndan ýerine ýetirmekliginiň soňuna ýa-da ibermekligine çenli resminamalaryň kärhananyň içinde bolan hereketleri.

1C: Resminamalar dolanşygy 

     Her bir kärhanada resminamalar bilen ýerine ýetirilýän işi awtomatlaşdyrmaklyga bolan höwes döreýän wagty gelýär. Bu höwes dürli sebäplere görä emele gelýär:

  • belli bir çözgütleri tassyklamaklygyň we ýerine ýetirmekligiň möhletini gysgaltmak maksady bilen;
  • resminamalary ýitmezligi we olaryň islendik wagtda elýeterli ýagdaýda saklamaklygy üçin;
  • ýerine ýetirijilige gözegçilik etmek üçin.

Bularyň ählisi üçin ýokary hilli gural we şol guraly ulanmaklygyň barlagdan geçen usuly zerurdyr.

Gysgaça beýany

  • işgärleriň bileleşik işini we iş proseslerini dolandyrmak üçin berýän mümkinçilikleri öz içine alýan häzirki zaman ulgamy resminamalar bilen işlemekligiň ähli amallaryň awtomatiki ýagdaýa geçmekligini üpjün edýär, ondan başga-da, bu ulgam iş wagtyny tygşytlylygyna gözegçilik etmek we işgärleriň özara baglanyşyklary sazlamak ýaly wajyp prosesleri ýerine ýetirýär. Ulgam öz ýokary derejeli çeýeligi, saklanylýan maglumatlar baradaky berlenleriň köpdürliligi we berýän mümkinçilikleriň köp dürli görnüşliligi  bilen tapawutlanýar. Ulgam aşakdakylary ýerine ýetirmekligi mümkinçilik berýär:
    • iş wagty dolandyrmaklygyň netijeliligini ýokarlandyrmak,
    • prosesleri belli bir standarta getirmek,
    • resminamalaryň we ähli gerek bolan maglumatlaryň doly gözegçiligi we goragyny üpjün etmek.
  • Aşakdaky amallary ýerine ýetirmäge ýardam berýän barlagdan geçen usullar we tejribeler häzirki zaman standartlaryň we talaplaryň zerurlyklaryna görä yzygider ösýär we döwrebaplaşdyrylýar:
    • Resminama dolanşygynyň elektron görnüşini döretmek,
    • Zerur prosesleri sazlamak,
    • Meseleleriň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek,
    • Dolandyryşy tassyklanan görnüşe getirmek we netijeliligini ýokarlandyrmak.

Esasy mümkinçilikler!

  1. Şertnama resminamalar bilen işlemek
  • Şertnamany taýýarlamak
  • Şertnamany tassyklamak we hasaba almak
  • Şertnamanyň nusgalaryny ibermeklige we yzyna almaklyga gözegçilik etmek
  • Goşmaça resminamalaryň hasabyny ýöretmek
  • Hereket ediji möhletiniň hasabyny ýöretmek
  • Borçlary ýerine ýetirmek
  • Şertnamany bozmak
  1. Resminamalary dolandyrmak
  • Giriş-çykyş hatlary hasaba almak
  • Ýerine ýetirmeklige gözegçilik etmek
  • Hereket ediji döwrüniň ähli basgançaklarynda (garalamalardan başlap, tassyklanylýança ýa-da ýok edilýänçä) resminamalar bilen işlemek
  • Arhiw we gözleg
  • Beýleki resminamalara tabyn bolan resminamalary döretmek we olaryň arasyndaky baglanyşygy görkezmek
  1. Prosesleriň netijeli dolandyrylyşy
  • Gözden geçirmekliginiň, tassyklamaklygynyň we ş.m. taýýar nusga resminamalary
  • Adaty taslama
  • Prosesleriň wajyplygy (iýerarhiýasy)
  • Möhletleri gözegçilikde saklamak
  • Gözegçilik we seljerme
  1. Dürli gurluşlardan bolan elýeterlilik
  • Mobil müşderisi
  • Planşetlerde işlemek
  • Iş ýer bilen baglanyşyksyz uzakda işlemek
  1.  Howpsuzlyk
  • Resminamalaryň elektron görnüşleriniň merkezleşdirilen saklanylşy
  • Resminamalarynyň üýtgedilen ähli görnüşlerini we üýtgetme taryhyny saklamak
  • Resminamalara bolan rugsat berilmedik elýeterlilikden goramak
  • Resminamalary bir wagtda birnäçe ulanyjylar tarapyndan üýtgetmeklikden goramak
Salgy:
744000, Türkmenistan, Aşgabat, koç 2022 (Aliṣer Nowai), 100.
Soraglaryňyz ýüze çykdymy? Bize hat ýollap duruň!
Biz size ýakyn wagtda jogap bereris!