Baş sahypa \ Önümleri \ 1С:Ownuk satuw

1С: Ownuk satuw

 "1С: Ownuk satuw" programma önümi özbaşdak görnüşli  hem-de paýlaşdyrylan ownuk tora degişli bolan ownuk söwda nokatlaryň (dükanlaryň) işini awtomatlaşdyrmak üçin niýetlenen. Bu programma dükanlaryň ammarlarynda ýerleşýän harytlaryň we kassalaryndaky pul serişdeleriniň hasabatlaryny awtomatlaşdyrmaklyga ýardam edýär.

Funksional mümkinçilikleri

 "1С: Ownuk satuw" programmasy aşakdaky ýaly amallary awtomatiki ýagdaýa geçirýär:

  • Haryt toparlary, dükanlary, ammarlary, hususy kärhanalary boýunça haryt amallary hasaba almak,
  • Ulanyjy üçin zerur bolan jikme-jikligi özünde jemleýän haryt dolanşygy baradaky seljerme maglumatlary almak.

Haryt dolanşygynyň hasabatyny ýöretmek:

"1С: Ownuk satuw" programmasy harytlar bilen ýerine ýetirilýän aşakdaky amallary goldaýar:

  • Üpjün edijä bolan sargyt;
  • Orny üýtgetmeklige bolan sargyt;
  • Üpjün edijiden pul serişdeleriň gelip gowuşmasy;
  • Ownuk we ownuk – lomaý satuw;
  • Harytlaryň dükanlaryň arasyndaky dolanşygy;
  • Harytlaryň bir dükanyň ammarlarynyň arasyndaky dolanşygy;
  • inwentarizasiýa;
  • kabul etmek;
  • hasapdan aýyrmak;
  • kärhanalaryň arasynda geçirmek.
     

Kabul etmek we satuw resminamalar dükanyň özboluşlylygyna görä order görnüşde döredilmegi mümkin. Her bir dükan üçin takyk we dogry haryt galyndylaryny üpjün etmek üçin dükanlaryň arasyndaky dolanyşyk diňe order görnüşde döredilýär.  Bir dükanyň ammarlaryň arasyndaky harydyň dolanşygy "geçirme orderi" atly aýratyn resminama boýnça ýerine ýetirilýär.

Dükana  gelen harytlaryň paýlanmasy öňünden ýerine ýetirilen sazlanmalara görä amala aşyrylýar.

Salgy:
744000, Türkmenistan, Aşgabat, koç 2022 (Aliṣer Nowai), 100.
Soraglaryňyz ýüze çykdymy? Bize hat ýollap duruň!
Biz size ýakyn wagtda jogap bereris!