Baş sahypa \ Önümleri \ 1С:Buhgalteriýa

1С: Buhgalteriýa

1C: Buhgalteriýa 8.3 – bu awtomatlaşdyrylan buhgalter hasabaty ýöretmek we şol sanda, tassyklanan hasabatlary tabşyrmak üçin niýetlenen  köpçülikleýin uniwersal serişdesidir.

Dürli ugurlarda işleýän kärhanalarda hasabaty ýöretmeklige bolan umumy çemeleşmesidir:

  • Hyzmat etmek,
  • Ownuk we lomaý söwdasy,
  • Önümçilik.

Hasabaty ýöretmekligiň aňsatlygy

1C: Buhgalteriýa 8.3 gurşawynda hasabaty ýöretmekligi başlamak üçin kärhana barada maglumat girizip, hasabat syýasatyň häsiýetnamalaryny görkezmek ýeterlikdir. Programma tarapyndan görkezilen häsiýetnamalara görä awtomatiki ýagdaýda iş gurnalýar.

Resminamany doldurmaklygyň ýönekeýligi

1C: Buhgalteriýa 8.3 gurşawynda resminamalar doldurmak işiniň esasy bölegi programma tarapyndan awtomatiki ýagdaýda ýerine ýetirilýär. Mysal üçin, hasap-fakturany ýazmak üçin kontragentiň adyny görkezip, gerekli harytlar ýa-da hyzmatlar saýlanandan soň resminama taýýar bolýar!

Girizilen maglumatlary bir resminamadan beýleki resminama aňsat geçirmek mümkinçiligi hem göz öňüne tutulandyr. Mysal üçin,  bar bolan hasap-fakturanyň esasynda giriş töleg tabşyrygy taýýarlap bolýar.

Hasabaty ýöretmekligiň ýagdaýyny seljermekligiň ýönekeýligi

1C: Buhgalteriýa 8.3 programmasynda hasabaty ýöretmekligiň ýagdaýyny işjeň seljermekligi üçin birnäçe hasabatlar göz öňüne tutulandyr:

  • Dolanyşyk-galyndy sanawnamasy,
  • Küşt görnüşli sanawnamasy,
  • Amallar (prowodkalar) esasyndaky hasabatlar we ş.m.

Her bir hasabat diňe zerur maglumatlary almak üçin gurnalýar.

Salgyt we buhgalter hasabatlary ýöretmekligiň aňsatlygy

1C: Buhgalteriýa 8.3 programmasy salgyt we buhgalter hasabatlary taýýarlamaklygy aňsatlaşdyrýar. Mysal üçin, buhgalter balansy taýýarlamak üçin kärhananyň adyny we hasabat döwri görkezmeklik zerur. Ähli görkezijileri programma özbaşdak ýagdaýda doldurýar. Hasabatlary taýýarlamaklygyň düzgünlerini ulanyjynyň islegine görä üýtgedip bolýar, girizilen üýtgetmeleriň ählisi programma tarapyndan ýatda saklanylýar.

1C: Buhgalteriýa 8.3 programmasy iň çylşyrymly we zähmedi talap edýän buhgalter hasaplamalary awtomatiki ýagdaýda ýerine ýetirýär. Olaryň köpüsi «Закрытие месяца» atly ýörite tamamlaýjy proseduranyň üsti bilen amal edilýär.

Gerekli bolan ähli hasaplamalary we olaryň esasyndaky amallary (prowodkalary) programmanyň özi ýerine ýetirýär.

Ondan başga-da, awtomatiki ýagdaýda amortizasiýa, salgytlar, ýygymlar we tölegler hasaplanýar.

Salgy:
744000, Türkmenistan, Aşgabat, koç 2022 (Aliṣer Nowai), 100.
Soraglaryňyz ýüze çykdymy? Bize hat ýollap duruň!
Biz size ýakyn wagtda jogap bereris!